BILIM

Täze okuw ýylynda 8 sany çagalar bakja-bagy açylyp ulanmaga berler

23-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler jaýynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň jemlerini jemlemäge hem-de täze, 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan ýurduň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi.

Maslahatda ýurduň dürli künjeklerinden gelen bilim işgärleriniň çykyşlaryna hem orun berildi. Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 38-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Şasenem Babaýewanyň belleýşi ýaly, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» esaslanyp, Bilim ministrliginiň degişli buýrugyna laýyklykda, birnäçe çagalar baglaryna daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek boýunça hukuk ygtyýarlyklary berildi.

Şeýle ygtyýarlyklar matematika ugruna ýöriteleşdirilen çagalar baglarynyň hem birnäçesine berildi. Täze okuw ýylynda Türkmenistanda 8 sany döwrebap çagalar bakja-bagynyň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

Stanford uniwersitetiniň kitaphana katalogyna “Makul Sözlük” girizildi

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi