Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek geçirilýän «Türkmenistan-Özbegistan-Azerbaýjan» üçtaraplaýyn duşuşygy boldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy.
Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça ulag we logistika, gämi gurluşygy we raýat awiasiýasy pudagyndaky hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnamalar, haryt biržalary we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekildi.

Gol çekilen resminamalar:
- Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilelikdäki beýanaty kabul etdiler.
- Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda geljekde halkara howa gatnawlaryny ösdürmek babatda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdiler.
- Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Türkmenistanyň Arkadag şäheri bilen Azerbaýjanyň Fizuli şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada teswirnama gol çekdiler.
- Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow, Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow we Azerbaýjanyň “Azerbaýjan demirýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Rowşan Rustamow Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Özbegstan Respublikasynyň Ulag ministrligi we Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy baradaky özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdiler.
- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew bilen Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdiler.
- Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow bilen Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow raýat awiasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teswirnama gol çekdiler.
- Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahatow bilen Özbegistan Respulikasynyň maýa goýum, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow biržalaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça şertnama gol çekdiler.
Gol çekilen resminamalar esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Bu ykdysady gatnaşyklary berkitmekde, ulag we üstaşyr mümkinçilikleri ýokarlandyrmakda we tutuş sebit üçin strategiki ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir. Ylalaşylan şertnamalar taraplaryň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we durnuklylygy üpjün etmek baradaky özara ygrarlygyny tassyklaýar.
