Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Gyrgyz Respublikasynda resmi sparda boldy. Şol saparyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen ýokary derejede gepleşikler geçirdi. Gepleşikleriň jemleri boýunça söda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de özara söwdanyň möçberini 3 milliard dollara ýetirmek babatda ylalaşyklar gazanyldy.
«Iki taraplaýyn söwda dolanyşygy 2 milliard dollara golaý boldy. Bu görkezijini artdyrmaga ähli mümkinçilikler bar. Maýa goýum hyzmatdaşlygy ýylsaýyn giňeýär, bu bolsa birnäçe bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berdi. Biz suw-energetika pudagynda hereketlerimizi utgaşdyrýarys. Medeni-ynsanperwer ugurda-da gatnaşyklarymyz pugtalanyp barýar» diýip, Tokaýew Gazagystan bilen Gyrgyzystanyň ýokary döwletara geňeşiniň Bişkekde geçirilen ýedinji mejlisinde aýtdy.
Öz gezeginde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Gazagystan bilen gatnaşyklaryň dost-doganlyk, goňşuçylyk we hemişelik agzybirlik ruhunda ähli taraplaýyn berkidilmegine ygrarlydygyny belledi.
«Gazagystan – iň ýakyn goňşymyz, doganlyk döwlet, Gyrgyzystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýän, esasy söwda hyzmatdaşlarymyzyň biridir» diýip, Žaparow aýtdy.
Gyrgyzystanyň Prezidentiniň aýtmagyna görä, döwletler arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ynamly ösdürilýär.
Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-logistika, suw-energetika hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.
Resmi wekiliýetleriň agzalary 2030-njy ýyla çenli iki taraplaýyn haryt dolanyşygyny 3 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek boýunça ýol kartasyna hem-de beýleki hökümetara we edaralarara resminamalara gol çekdiler.
