DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 14-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletara gatnaşyklaryň geljekki ösüşinde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň wajyplygy barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar ýakyn geljekde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerdäki duşuşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Dünýä ilaty garrap barýar

Gruziýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy