SPORT

Serdar Azmun BAE-niň çempionatynyň «Altyn top» baýragyny aldy

BAE-niň «Şabab Al-Ahli» klubunyň eýranly hüjümçisi Serdar Azmun, BAE Ýokary ligasynyň möwsüminiň iň gymmatly oýunçysy diýlip yglan edildi we abraýly «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy.

Geçen möwsümiň iň gowy oýunçylaryny sylaglamak dabarasy BAE-de geçirildi. Şonda geçen möwsümde «Şabab Al-Ahli» bilen çempion bolan Serdar Azmun liganyň iň gymmatly oýunçysy hökmünde «Altyn top» baýragyny aldy.

Geçen möwsümde Azmun BAE-niň çempionatynda 21 duşuşykda 11 gol geçirip, 6 netijeli pas berdi. Umuman, «Şabab Al-Ahli» bilen ähli ýaryşlarda 39 duşuşykda çykyş edip, 26 gol we 10 gol pasy bilen tapawutlandy.

Ýene-de okaň

Messi 6-njy gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy