SPORT

20 ýyldan soň ukrain toparlary Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna çykyp bilmedi

Ukrain klublary 20 ýyldan soňra ilkinji gezek futbol boýunça Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe bolup bilmedi.

Ýewropa futbolynyň esasy ýaryşynda Ukraina wekilçilik edip biljek ýeke-täk topar bolan Kiýewiň “Dinamo” kluby üçünji saýlama tapgyrynda Kipriň “Pafos” klubuna (0:1, 0:2) ýeňildi. Bu topar ýoluny Ýewropa ligasynyň saýlama tapgyrynda dowam eder.

Soňky gezek Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna ukrain klublary 2005/06 möwsüminde çykyp bilmändi. Şonda Kiýewiň “Dinamo” kluby ikinji saýlama tapgyrynda Şweýsariýanyň “Tun” klubuna (2:2, 0:1) ýeňildi, “Şahtýor” bolsa Italiýanyň “Inter” klubuny ýeňip bilmändi (0:2, 1:1).

Häzirki wagta çenli Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 36 gatnaşyjysynyň 29-y belli boldy. Galan 7 topar 26–27-nji awgustda geçirjek jemleýji saýlama tapgyrynyň jogap duşuşyklaryndan soň belli bolar. Ertesi gün ýaryşyň umumy tapgyrynyň bije çekişligi geçiriler.

Geçen möwsümde Çempionlar ligasynyň kubogyny düzüminde rus derwezeçisi Matweý Safonowyň hem çykyş edýän Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” topary gazanypdy.

Related posts

Sport täzelikleri gysga setirlerde… Grizmanny satmak isleýärler

Ata Watan Eserleri

Iň köp çykdajyly topar

Katar-2022:Dünýä çempionatyny nädip tomaşa edip bolar?