Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde golaýda geçirilen 32-nji halkara matematika olimpiadasynda (IMC — 2025) türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Abraýly bäsleşigiň netijelerine görä, talyplarymyz 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.
Halkara matematika olimpiadasy (IMC) her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe zehinli ýaş matematikleri bir ýere jemleýär. Oňa bu ýyl 52 ýurduň ýokary okuw mekdeplerinden 434 talyp gatnaşdy. Bäsleşikde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Medine Ödäýewa we Nurmyrat Ataýew altyn medallara mynasyp bolmagy başardylar. Şol uniwersitetiň talyby Kerim Toýlyýew hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Şabibi Nurjanowa dagy kümüş medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Batyr Öwezmyradow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gurtgeldi Hanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Nurmuhammet Goçiýew bürünç medala eýe boldular.
Talyp ýaşlarymyzyň şeýle halkara ýaryşlara gatnaşmaklary olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklarynda hem-de barha kämilleşmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir.