DÜNÝÄ

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Awaza geldi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek üçünji BMG-niň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti jenap Karlos Manuel Wila Nowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.
Ýokary derejeli myhmany alyp gelen uçar Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Prezident Karlos Manuel Wila Nowa we onuň ýanyndaky wekiliýet türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda mähirli hem-de dabaraly garşylandy.
San-Tome we Prinsipi Respublikasynyň Baştutanynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerine bagyşlanan bu möhüm halkara foruma gatnaşmagy, maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle-de, bu sapar oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça umumy çözgütleri işläp düzmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ýene-de okaň

Ermenistanyň Prezidenti we Nepalyň Premýer-ministri Türkmenbaşa geldi

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geler

Awaza dünýä döwletleriniň wekiliýetleriniň gelmegi dowam edýär

Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Türkmenbaşy şäherine geldi

Malawi Respublikasynyň Wise-prezidenti Türkmenistana geldi

BMG-niň Awaza maslahaty: Raýat jemgyýetiniň forumy