DÜNÝÄ

BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň wekiliýeti Awaza forumyna gatnaşýar

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) wekiliýeti Awazada geçiriljek halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.

Wekiliýeti alyp gelen uçar Aşgabat şäherinden soň Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Myhmanlar bu ýerde mähirli garşy alyndy.

UNIDO-nyň wekiliýetiniň foruma işjeň gatnaşmagy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde senagat ösüşi we durnukly ykdysadyýetiň ilerledilmegi bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna uly goşant goşar.

Related posts

“The Gulf Observer” agentligi Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bagyşlanan maslahat geçirdi

Astana şäherinde konkur ýaryşy guraldy

Sindzo Abeni soňky ýoluna ugratmak dabarasyna gatnaşjak liderler belli bolýar