SIZDEN GELENLER

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

Şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi we onda bu maslahaty hem-de onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi belledi. Häzirki wagtda awgust aýynyň ilkinji ongünlüginde ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli iri syýasy çäräniň — BMG-niň Awaza forumynyň başlanmagyna sanlyja gün galdy.

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde nobatdaky üçünji forumyň şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegini göz öňünde tutýan «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýediginiň aýdyň mysaly, ýurdumyzyň halkara abraýynyň we dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşmagynyň ykrarnamasy boldy.

Munuň özi şu ýyl BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygyny belleýän ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Şol syýasat bolsa durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hemmeler üçin adalatly we abadan geljegi gurmaga gönükdirilendir.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmekde strategiýalary ara alyp maslahatlaşmaga we işläp düzmäge köp sanly gyzyklanma bildirýän taraplar öz goşantlaryny goşup bilerler. Şunlukda, BMG-niň wekilçilikli maslahatyna raýat jemgyýetiniň gatnaşmagyna ýerli derejeli subýektleriň garaýyşlaryny giň köpçülige ýetirmäge, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde DÇBÖBÝ-niň kuwwatyndan peýdalanmak üçin bu ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam bermek boýunça täze çäreler toplumyny kabul etmek babatda goldawlary çekmäge mümkinçilik berýän esasy şert hökmünde garalýar. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin bazarlara elýeterliligi üpjün etmegiň ýollaryny kesgitlemäge gönükdirilen Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine hususy pudagyň işjeň gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýe bolar.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar 570 milliondan gowrak adamy bolan ösýän bazary özünde jemleýär. Çaklamalara görä, bu görkeziji 2060-njy ýyla çenli 1 milliarddan geçer. Häzirki wagtda bu bazaryň göwrümi 836 milliard amerikan dollary möçberinde bahalandyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Hazaryň türkmen kenarynda dünýä ýurtlarynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda uly ähmiýeti bolan halkara duşuşyklar, forumlar, konsertlerdir festiwallar yzygiderli geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam bermek bilen, foruma gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrar.

Umuman, şeýle wekilçilikli forumy kabul etmek ýurdumyz üçin belent mertebedir. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hukugynyň Türkmenistana berilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.

Merjen Allamyradowa, 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

BMG-niň Awaza forumy: hyzmatdaşlykda täze sahypa

Milli arhiwiň ähmiýeti

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri