JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Ruandanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ruanda Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Oliwve Nduhungirehanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esas hökmünde baha berdiler.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekişlik dabarasy geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär