JEMGYÝET

Awazadaky foruma dünýä ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi.

Onda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilendigini we dünýäniň 57 döwletiniň şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekendigi we onda bu maslahaty hem-de onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini aýtdy. Şeýle hem Karary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşygyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy we bu resminama Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilendigi bellenildi.

Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bäş günläp dowam etjek çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gelmegi meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

BMG-niň Baş sekretaryndan Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk haty

Türkmenistan bilen Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri