BILIM

Talyp-2025: Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
  2. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (hünärler: fizika we informatika; başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; zähmet we tehnologiýalaryň esaslary).
  3. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
  4. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa).

III. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (hünärler: matematika we informatika; himiýa; biologiýa; geografiýa; taryh; türkmen dili we edebiýaty; daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty); daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); bedenterbiýe).
  2. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
  3. Sosiologiya we durmuş işi (taýýarlygyň ugry: durmuş işi).

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat ş.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 6-sy günleri;

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 4-i we 7-si günleri;

Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 2-si, 5-i we 8-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 10-y we 11-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 13-14-15-i, 16-17-si we 18-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

Hünärler we taýýarlygyň ugurlary:

hünär: matematika we informatika — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: fizika we informatika — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: geografiýa — geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: taryh — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy (bakalawr); mekdebe çenli bilim we terbiýe (bakalawr) — türkmen dili we edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: türkmen dili we edebiýaty — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty) — rus dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty) — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty) — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: zähmet we tehnologiýalaryň esaslary — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: bedenterbiýe — umumy fiziki taýýarlygyň tassyklanan möçbernamasyny ýerine ýetirmek, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: durmuş işi; ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa) — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— mugallymçylyk mekdeplerini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;

— orta sport mekdebini tamamlan ýokary derejeli türgenler (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

— 2021 — 2025-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

— 2021 — 2025-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy:

Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7,

tel.: 3-25-50, 3-04-18.

 

Resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025:Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

Ata Watan Eserleri