BILIM

Giriş synaglary başlandy

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary başlandy. Jogapkärli çäräniň degişli talaplara laýyklykda, ýokary guramaçylykly we adalatly geçirilmegi üçin bilim ojaklarynda ähli zerur şertler döredildi.

Synaglar Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalary esasynda alnyp barlyp, degişli dil boýunça geçilýän derslerden başga beýleki okuw dersleri boýunça synaglar döwlet dilinde alnyp barylýar. Dalaşgärleriň arasynda 2022-2023-nji okuw ýylynyň mekdep uçurymlary bilen birlikde, Watan öňündäki harby gulluk borjuny ýerine ýetirip gelen ýaşlar hem bar.

2023-2024-nji okuw ýylyn üçin ýokary okuw mekdepleriniň 10-synda täze hünärleriň 35-si girizildi. Olar bakalawr, hünärmen hem-de magistr maksatnamalary esasynda taýýarlyk ugurlaryny we hünärleri öz içine alýar.
Täze okuw ýylynda döwrebap Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi ilkinji talyplaryny kabul eder.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar