DÜNÝÄ

R.Meredow Malawiniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri Nensi Tembonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda özara ygrarlylyk beýan edildi.

Ministrler halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýanyň senatory bilen duşuşyk geçirildi

Tramp Nobel baýragyna dalaşgär görkezildi

Türkmenistanyň Prezidenti parlament ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri