JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Şu günler Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Afrika döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen telefon söhbetdeşlikleri amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Zambiýadan soňra Nigeriň hem-de Burkina-Fasonyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Niger Respublikasynyň Daşary işler hem-de daşary ýurtlardaky nigerler boýunça hyzmatdaşlyk ministri Bakari Ýau Sangaranyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşlikde ministrler iki ýurduň arasynda özara gyzyklanýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli aragatnaşyk gurmagyň zerurlygy bellendi. Taraplar halkara gün tertibindäki meselelere çemeleşmeleriň meňzeşligini nygtadylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýyl “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garadylar.

Ýene-de okaň

Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

Türkmenistanyň МТС kompaniýasy boýunça beýanaty

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Burkina-Fasonyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ýurdumyzda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ilçisini kabul etdi