DÜNÝÄ

Türkmenistanda ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi

Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi. Ýabany tebigatda möhüm açyş hökmünde hasaba alnan bu taryhy pursat Garabogazköl howdanynda oturdylan surata alyjy duzaklara düşdi.

Surata düşürmek işleri Şotlandiýanyň Patyşalyk Zoologiýa jemgyýeti (Royal Zoological Society of Scotland, RZSS) bilen “Conservation X Labs” başlangyjynyň bir bölegi bolan tebigaty goramak bilen meşgullanýan “Team Bars Turkmenistan” türkmen guramasy tarapyndan amala aşyryldy.

Bu waka garagulagyň Türkmenistanda köpelişiniň ilkinji resmi subutnamasy boldy. Şeýle hem bu ýer bu haýwanyň ýurdumyzda resmi taýdan hasaba alnan iň demirgazyk ýaşaýyş nokady hökmünde bellendi diýip, tebigaty goramak boýunça hünärmen Kasýa Ruta belleýär.

Garagulak – ýabany pişikleriň maşgalasyndan bolup, gizlin ýaşaýyş ýörelgesi bilen tanalýar. Bedeni inçe we ýumşak, altyn-gyrmyzy reňkli gysga ýüň bilen örtülen. Gulaklarynda çykyp duran özboluşly gotazjyk bilen tanalýan garagulak pişikler maşgalasynyň iň ýaşyryn gezýän wekilleriniň biridir. Merkezi Aziýada bu haýwan juda seýrek duş gelýär, onuň köpelişi baradaky maglumat bolsa uzak wagtlap alymlar üçin syrly bolup galypdy. Garagulak ekoulgamda möhüm orny eýeleýär — ol ownuk süýdemdiriji haýwanlary we guşlary awlaýar, bu bolsa ony sebitde ekologiýanyň durnuklylygynyň görkezijisi hökmünde möhüm ähmiýetli edýär.
Garagulaklar ýylyň dowamynda islendik wagtynda jübütleşip bilýärler, emma köplenç oktýabr-fewral aralygynda köpelýärler. Göwrelilik döwri 70–80 gün dowam edýär. Garagulagyň ömri 15–20 ýyl aralygyndadyr.

Genetiki barlaglar garagulagyň afrikan altyn pişigi we serwal bilen genetiki taýdan ýakyn gatnaşykdadygyny görkezýär – olar takmynan 5,4 million ýyl ozal umumy ata-babadan dörän.

2024-nji ýylyň ortalaryndan bäri alnyp barylýan gözegçilik işleri ýurdumyzdaky ýabany haýwanlaryň ýaşaýan esasy ýerlerini, şol sanda Özbegistan bilen serhetdeş ýerleşýän Gaplaňgyr goraghanasyny we Üstýurt platosynyň gaýaly ýerlerini öz içine alýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary