TEHNOLOGIÝA

“YouTube” 16 ýaşa ýetmedik ulanyjylar üçin täze çäklendirmeleri girizýär

Şu ýylyň 22-nji iýulyndan başlap, “YouTube” döwrebap syýasatyna laýyklykda göni ýaýlymlary (translýasiýalary) özbaşdak geçirmegiň iň pes ýaş çägini 16 ýaşa çenli ýokarlandyrýar. 13–15 ýaş aralygyndaky ulanyjylar diňe uly ýaşyndaky adamyň gatnaşmagynda ýaýlym alyp bilerler. Eger şeýle gatnaşyk ýok bolsa, olaryň sohbetdeşlik (chat) we beýleki aýratynlyklar boýunça hukuklary çäklendiriler.

Täzelenen howpsuzlyk düzgünlerine laýyklykda, 16 ýaşdan kiçi ulanyjylar göni ýaýlym geçirjek bolsalar, diňe uly ýaşly adamlaryň kamera öňünde bolmagynda ýa-da ol adamyň kanal bilen resmi baglanyşykda (redaktor, menejer ýa-da eýe hökmünde) hasaba alnan ýagdaýynda muňa ýol berilýär.

Düzgünleriň bozulmagy bilen:

  • Çat (sohbet) ýapylar;

  • Ýaýlym mümkinçilikleri çäklendirilýär;

  • Göni ýaýlym bütinleý öçürilip bilner.

Bu düzgüni başga ýollar bilen sowup geçmek synanyşyklary (meselem, başga kanal arkaly göni ýaýlym) hem düzgün bozmak hökmünde hasaplanýar we bu ýagdaý akkauntyň blokirlenmegine sebäp bolup biler.

“YouTube” resmi taýdan bu täzeligiň sebäbini düşündirmese-de, hünärmenleriň pikiriçe, bu çäreler ýaş kiçileri göni ýaýlymdaky töwekgelçiliklerden goramak maksady bilen girizilýär — mysal üçin, şahsy maglumatlaryň ýaýramagy, çatyň üsti bilen gelip biljek islenmeýän hatlar we beýleki howplar.

“YouTube” ýaş blogçylaryň öňünde kynçylyk döräp biler diýip bilse-de, çagalaryň howpsuzlygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny nygtaýar.

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler