BIZNES

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Pakistanyň portlarynyň hünärmenleri hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri Pakistanyň Gwadar we Karaçi portlaryndan kärdeşleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirdiler.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň habar bermegine görä, portlary dolandyrmak we ulanmak ugrunda tejribe alyşmak babatynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Pakistanyň Gwadar we Karaçi portlarynyň wekilleri häzirki zaman talaplaryna laýyklykda portlary dolandyrmak we ulanmak boýunça öz tejribeleri barada gürrüň berdiler. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hünärmenleri hem öz gezeginde alnyp barylýan işler barada gürrüň berip, ýük ýüklemek-düşürmek işleri, dürli harytlaryň importy, eksporty we üstaşyr geçirmek ugurlary, şeýle hem portuň halkara ülňülerine laýyk gelýän ägirt uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Taraplar Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Gwadar portunyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder