Paýtagtymyzda üç gün dowam eden Küşt boýunça halkara ýaryşy tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, bu akyl-paýhas bäsleşigine Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-sy gatnaşdylar. Ýaryşyň netijeleri jemlenilenden soň, Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanynda halkara ýaryşyna gatnaşyjylara Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.
Bu dabaranyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde halkara ýaryşyň netijeleri jemlenilip, onuň ýeňijilerine mynasyp bolan medallarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda küştüň rapid görnüşi boýunça umumy medal hasabatyndan belli bolşy ýaly, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş küştçülerimiz – 3 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç, jemi 10 medallary gazanyp, birinji orna mynasyp boldular.
Bäsleşikde ikinji orna 2 altyn we 2 kümüş, jemi 4 medal gazanan Özbegistan Respublikasynyň ýaş küştçüleri hem-de baýrakly üçünji orna 1 altyn we 1 bürünç, jemi 2 medal gazanan Gazagystan Respublikasyna wekilçilik eden zehinli küştçüler mynasyp boldular.
10 ýaşly gyzlaryň arasynda Türkmenistandan Wepaýewa Läle 8 utuk toplap, I orna we altyn medala, Özbegistandan Nematjonowa Zarina 7 utuk toplap, II orna we kümüş medala, şeýle hem ýene-de Türkmenistandan Ruslanowa Dünýä 6,5 utuk toplap, III orna we bürünç medala mynasyp boldular.
12 ýaşly gyzlaryň arasynda bolsa hemme baýrakly orunlary Türkmenistanyň küştçi gyzlary: 8 utuk toplan Hupbyýewa Dilber I orun we altyn medal, 7 utuk toplan Baýramowa Aýa II orun we kümüş medal hem-de 6 utuk toplan Söýünowa Nurana III orun we bürünç medal eýelediler.
8 ýaşly oglanjyklaryň arasynda Türkmenistandan Çaryýew Çaryhekim 8 utuk toplamagy başaryp, I ornuň we altyn medalyň, Özbegistan Respublikasyndan Erkinboýew Saýfutdin 7,5 utuk toplap, II ornuň we kümüş medalyň hem-de Täjigistan Respublikasyndan Saifiew Murodali 6 utuk toplap, III ornuň we bürünç medalyň eýeleri boldular.
10 ýaşly oglanlaryň arasynda baýrakly orunlar şeýle paýlaşyldy: 8,5 utuk toplan Özbegistandan Rajabow Abdurahmon I orun, şonça utuk bilen Türkmenistandan Awlüýäkulyýew Maksat II orun hem-de 6 utuk toplan Eýrandan Asghar Khatir Saniar III orun.
12 ýaşly oglanlaryň arasynda bolsa I orna 8 utuk toplap, Gazagystan Respublikasyndan Primbetow Nurassyl altyn medal hem-de 7,5 we 6 utuklary toplap, Türkmenistandan Batyrow Alyhan hem-de Hamrakulyýew Osman degişlilikde II we III orunlary hem-de kümüş we bürünç medallary gazandylar.
Halkara küşt ýaryşynyň blis görnüşinde-de ata Watanymyz Türkmenistanyň küştçüleri birinji orny eýelediler. Ýaryşyň bu görnüşinde biziň ýaş küştçülerimiz 4 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç – jemi 9 medallary gazanmagy başaryp, özleriniň bu oýunlarda zehin taýdan tapawutlanýandyklaryny subut etdiler.
Blis ýaryşynda ikinji orna 2 altyn we 1 kümüş – jemi 3 medal gazanan Özbegistan Respublikasynyň ýaş küştçüleri hem-de baýrakly üçünji orna 3 kümüş we 2 bürünç – jemi 5 medal gazanan Gazagystan Respublikasyna wekilçilik eden zehinli küştçüler mynasyp boldular.
Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda küştüň RAPID we BLITZ görnüşi boýunça umumy medal hasabatynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş we 6 bürünç – jemi 19 sany medal gazanyp, birinji orun eýelemek bilen ýaryşyň ýeňijisi boldy.
Ikinji orna 4 altyn we 3 kümüş – jemi 7 medal gazanan Özbegistan Respublikasyndan gelen ýaş küştçüler mynasyp boldular. Üçünji orny 1 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç – jemi 7 medallary gazanmagy başaran Gazagystan Respublikasynyň ýaş küştçi oglan-gyzlary eýelediler.
Baýrakly orunlary eýelän zehinli ýaş küştçülere olaryň mynasyp bolan medallary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.