JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammiti üçin Astana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine bardy. Bu barada gazka metbugaty habar berdi.

Gazagystanyň hökümetiniň habar bermegine görä, 2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 555.7 million dollara deň boldy.

Astana şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki II sammitinde Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 95 milliard dollara barabar boldy.

Bu sammite gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Astana şäherine bardylar.
“Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki sammitiň ilkinjisi 2023-nji ýylda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar