Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edildi we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandy. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,8; gurluşykda 4,7; ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8; söwdada 9,9; oba hojalygynda 4 we hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy.
2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,7 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Şu ýylyň bäş aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5; daşary söwda dolanyşygy 5,4 göterim ýokarlandy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 124 birža söwdasy geçirilip, olarda 11 müň 714 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103 göterime barabar boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň bäş aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2; senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,2 göterime deň boldy.