BIZNES

Wenada bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi

Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow başlyklyk etdi. Mejlise iki ýurduň hökümet we işewür toparlarynyň 70-den gowrak wekilleri gatnaşdy.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, taraplar senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ekologik taslamalar we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk hem-de ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar mejlisiň dowamynda täze gazanylan ylalaşyklaryň özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň işiniň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň işewür toparlarynyň agzalarynyň we Awstriýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Related posts

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Plastmassa we polietilen önümleri Türkmenistanda öndürilýär

Ata Watan Eserleri

Italiýanyň “Eni” kompaniýasyndan 2,2 milliard dollar maýa goýum

Dr.Döwran Orazgylyjov