JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimizi mähirli mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna we köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, bu ýokary derejedäki duşuşygyň we onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň sebitiň ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Related posts

Türkmenistan “EKSPO-2025” sergisinde ilkinji bolup, Milli gününi bellär

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň zenanlar dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Minnihanow Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşdy