JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hytaýda saparda bolar

Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Lesziniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaýda saparda bolar. Bu barada Hytaýyň “Sinhua” agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň parlament wekiliýeti 21-24-nji maý aralygynda Hytaýda saparda bolup, birnäçe duşuşyklar geçirerler. Bu sapar Türkmenistanyň we Hytaýyň parlamentleriniň arasynda ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýene bir ädimi, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiň daşary ýurt parlamentleri we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky işinde möhüm tapgyr bolar.

 

Ýene-de okaň

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi