DÜNÝÄ

Günorta Koreýada geçiriljek prezident saýlawlaryna 7 dalaşgär gatnaşýar

Günorta Koreýada geçiriljek prezident saýlawlaryna 7 dalaşgär gatnaşýar. Ýurtda esasy syýasy-jemgyýetçilik wakasy bolan prezident saýlawlary 3-nji iýunda geçiriler.

11-nji maýda döwlet baştutany wezipesin üçin dalaşgärleri hasaba almak işi tamamlandy.

Ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatyna görä, prezident saýlawlary üçin 7 dalaşgär hasaba alyndy. Olaryň hatarynda “Toburo” Demokratik partiýasynyň ozalky başlygy Li Çže Men, ýurdy dolandyrýan “Raýat güýji” partiýasyndan Kim Mun Su, Reform partiýasynyň başlygy Lu Çžun Sok, Demokratik işçi partiýasyndan Kwon Ýen Guk, Azatlyk we birleşik partiýasyndan Ku Çžu Wa, şeýle hem iki sany hiç bir partiýa wekilçilik etmeýän Hwan Ge An we Son Çži Ho bar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-nji aprelinde ýurduň Konstitusion kazyýeti Prezident Ýun Sok Ýoly wezipesinden çetleşdiripdi.

Related posts

68 ýaşly zenanyň üstünligi

Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Türkmenistana gelýär

Türkiýä rus “Sputnik V” sanjymyna garaşýar

Ata Watan Eserleri