SPORT

Habi Alonso “Real Madride” tälim berer

Habi Alonso geljek möwsümde Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna tälim berer. Häzirki wagtda Germaniýanyň “Baýer” toparynyň tälimçiligini alyp barýan Habi Alonso möwsümiň ahyrynda bu topar bilen şertnamasyny tamamlap, ispan şa klubyna geçer.

“Real Madrid” bilen 2028-nji ýyla çenli şertnama baglaşmagy meýilleşdirýän Habi Alonso täze topary bilen FIFA-nyň gurnaýan klublar çempionatyna gatnaşar. Ol hem şu ýylyň 15-nji iýuny-13-nji iýuly aralygynda geçiriler.

Ispan ägirdi “Real Madridiň” häzirki tälimçisi Karlo Ançeletto bilen hoşlaşylar. Üstümizdäki möwsüm Karlo Ançelottili “Read Madrid” topary üçin şowsuz boldy.

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalda utulyp, ýaryşdan çykan “Real Madrid” topary Ispaniýanyň çempionlygy ugrundaky ýaryşyň möhüm duşuşygynda “Barselona” toparyndan utulyp, çempionlykdan hem mahrum galdy.

Geçen hepde Germaniýanyň “Baýer” topary 42 ýaşyndaky tälimçisiniň möwsümiň tamamlanmagy bilen topardan gidýändigini resmi taýdan habar berdi. Habi Alonso bilen “Baýer” topary taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň çempiony bolupdy.

Habi Alonso 2009-2014-nji ýyllarda “Real Madrid” toparynyň düzüminde futbol hökmünde çykyş edipdi.

Ýene-de okaň

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary