JEMGYÝET

Milli Liderimiziň türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyna gönükdirilen täze başlangyçlary

Fransiýa Respublikasynda resmi saparda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu forumda eden çykyşynda esasy 3 ugur boýunça – Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, geoykdysady ýagdaýy, bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly ugurlarda garaýyşlaryny beýan etdi.

Pariž şäherindäki  “InterContinental Paris — Le Grand” myhmanhanasynda geçirilen ykdysady forumda çykyş eden Milli Liderimiz 3 ugurdaky şeýle diýdi.

  1. Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy

Türkmenistan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurtdur. Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny üçünji gezek ykrar etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Munuň özi guwandyryjy wakadyr. Döwletimiz bu hukuk ýagdaýyna esaslanyp, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda giň halkara hyzmatdaşlyk we “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Dünýä ýurtlary, şol sanda Fransiýa hem ony goldady. Şunuň bilen baglylykda, sizi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzda halkara derejede geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrýaryn.

2. Geoykdysady ýagdaý

Türkmenistanyň Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň biridigini bellemek gerek. Eýran we Owganystan biziň sebitdäki goňşularymyzdyr. Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen asyrlaryň dowamynda kemala gelen dost-doganlygyň ygtybarly hem berk binýadyna esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap gelýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygy oňyn häsiýete eýedir. Ýeri gelende, siziň ýurduňyzyň geçen döwürlerde Eýranda gurup beren senagat kärhanalarynyň netijeli işi, mysal üçin, “Peugeot” ulagy barada aýratyn nygtap bilerin.

Ýakyn goňşymyz Owganystan barada aýdylanda, bu ýurt Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap gelýär. Ýakynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda duşuşygyň geçirilendigini hem bellemek isleýärin. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, Türkmenistan Ýewropa ýurtlary bilen birnäçe ylalaşyklary gazandy.

3. Bilelikde amala aşyrmaga bolan mümkinçilikler

  • Fransuz önümlerini we hyzmatlaryny Türkmenistanyň bazarynda mundan beýläk-de öňe sürmäge taýýardyrys. Aýratyn-da, olary nebitgaz pudagy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, derman serişdeleri we beýleki ugurlarda öňe sürmäge taýýardyrys.
  • Türkmenistan şäherleri ösdürmek, metan zyňyndylaryna monitoring, geologiýa gözleg-barlag işleri, nebitgaz enjamlary bilen üpjün etmek, «ýaşyl» we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy fransuz tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär.
  • Kiçi we orta fransuz kärhanalaryny biziň ýurdumyzda işewürligi alyp barmaga çekmek mümkinçiligini öwrenmek zerur bolup durýar.
  • Fransiýanyň syýahatçylyk pudagynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini we Türkmenistanyň uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, bu geljegi uly ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyrys.
  • Biz görkezilen ugurlaryň ählisi boýunça öz hünärmenlerimizi taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýäris. Biz ýokarda beýan edilen we beýleki teklipleri iş ýüzünde ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. Türkmenistanyň işewürleriniň hem şu günki duşuşyga gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiýasyny ulgamlaýyn meýilnamalaşdyrmak üçin bizde ähli şertleriň bardygyna ynanýaryn.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar