SPORT

Şeýh Salman türkmen futbolyna ýokary baha berdi

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň prezidenti (AFK) Şeýh Salman bin Ibragim Al Halifa 11-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow (TFF) bilen ikitarapa bähbitli saldamly duşuşyk geçirdi.

Şeýh Salman TFF-niň başlygyny geçen ýylyň noýabrynda bu wezipä biragyzdan saýlanylmagy bilen gutlap, onuň oýunçy hem-de tälimçi hökmünde toplan baý tejribesiniň türkmen futbolunyň golaý geljekde täze sepgitlere ýetmeginde oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň Aziýa Kubogy 2027-niň saýlama tapgyryndaky şowly başlangyjyna ýokary baha beren (Türkmenistanyň milli ýygyndy topary D toparçadaky ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandy) AFK-nyň prezidenti ýygyndy toparyň yklymyň esasy ýaryşynyň final tapgyrynda üçünji gezek çykmaga mümkinçiliginiň ýokarydygyna ynam bildirdi.

Mundan başga-da, Şeýh Salman AFK-nyň Çagyryş ligasy 2024/25-iň çärýekfinalynda “Ist-Bengal” toparyny ýeňip, ýarymfinala çykmagy başaran “Arkadag” toparynyň ýeten sepgidine ýokary baha berdi.

«Türkmenistanda futbol görlüp-eşidilmedik derejede ösüş ýoluna düşdi. Türkmen toparlarynyň AFK-nyň kuboklaryndaky çykyşlary TFF-niň bu ugurda saldamly işleri alyp barýandygyny görkezýär» diýip, AFK-nyň prezidenti belledi.

Şeýle-de, Şeýh Salman AFK-nyň türkmen futbolunyň mümkinçiliklerini doly açmaga kömek etjek ugurlary, ýöriteleşdirilen taslamalaryň üsti bilen ösdürmäge ýardam etjekdigine ynandyrdy.

«AFK-nyň Türkmenistanda futboly hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam etjekdigini ynandyrýaryn. Türkmenistanyň futbolda täze ýeňişleri gazanjakdygyna ynam bildirýärin», — diýip, 2018-nji ýylda iş sapary bilen Türkmenistanda bolan Şeýh Salman sözüniň üstüni ýetirdi.

Öz gezeginde, TFF-niň başlygy Şeýh Salmana goldawy üçin, şeýle-de, AFK bilen TFF-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda edýän işleri üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady