DÜNÝÄ

“Merkezi Aziýa-Russiýa”: daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Şu gün Gazagystanyň Almaty şäherinde Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy.

Şeýle hem bu duşuşyga Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Özbegistan daşary işler ministriniň orunbasary Bobur Usmanow dagy gatnaşdylar.

Duşuşykda 6 döwletiň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. 2022-nji ýylda Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammitiň çäklerinde öňe sürlen söwda-senagat, “ýaşyl” energetika, suw serişdelerini tygşytlamak, ulag-logistika arabaglanyşygy ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Geçen döwürde bu ugurlarda degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ugry boýunça köp işler geçirildi. Döwlet Baştutanlarynyň indiki sammitinde tassyklamak üçin bilelikdäki teklipleriň uly toplumy taýýarlandy.

Şeýle hem 2025-2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasyny taýýarlamak boýunça bilelikdäki işleriň tamamlanandygy bellenildi. Bu taslamany “Merkezi Aziýa-Russiýa” ikinji sammitinde döwlet Baştutanlaryň garamagyna hödürlemek maksat edinilýär. Sammitiň şu ýylyň ikinji ýarymynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Duşuşykda Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky özara söwdanyň möçberiniň artýandygyny bellenildi. 2024-nji ýylda sebitara söwda dolanyşygynyň möçberi 44,7 milliard dollara deň bolup, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11.3 göterim artdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary