SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

XII Türkmen-german forumy geçirildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady.

Oňa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň, şol sanda Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýat Saglygy goraýyş müdirlikleriniň hünärmenleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen GFR-iň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Lýudwig Maksimilian adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şu gezekki forumyň maksatnamasy çaga kesellerini bejermegiň döwrebap usullary, çaga rewmatologiýasy, süňk ýiliginiň transplantasiýasy bilen baglanyşykly meseleleri, onkologiýa keselleri bilen kesellänleri bejermek we psiho-sosial goldaw bermek, amaly lukmançylyga sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlary öz içine aldy. Bu ugurlar lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolmak bilen, Türkmenistan we halkara lukmançylyk bileleşigi üçin wajyp ähmiýete eýedir.

Forumyň ahyrynda taraplar häzirki zaman lukmançylygynyň wajyp meseleleri boýunça geçirilen dialogyň netijeli häsiýetini belläp, bu pikir alyşmalaryň ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär