BIZNES

Aşgabatda “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkasy geçiriler

  2025-nji ýylyň 29-njy aprelinden 1-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy möhüm halkara çäreleriň merkezine öwrüler. Şol günler ýurdumyzyň işewürlik giňişliginde iki uly çäre “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahaty geçiriler.

         Bu çäreler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň häzirki ösüş derejesini görkezmek bilen birlikde, daşary ýurtly hyzmatdaşlara täze mümkinçilikleri açar. Şol bir wagtda hem içerki öndürijilere dünýä bazarynyň talaplaryna laýyk gelmekde ýol görkezer.

         “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkasy dürli pudaklarda – senagat, söwda, logistika, hyzmatlar we tehnologiýalar ugrunda işleýän kärhanalaryň mümkinçiliklerini görkezmek üçin giň meýdança bolar. Diňe ýerli kompaniýalar däl, eýsem daşary ýurtly myhmanlar hem öz önümlerini we taslamalaryny halkara jemgyýetçiligine tanadar. Munuň özi täze hyzmatdaşlygyň, bilelikdäki taslamalaryň we eksport mümkinçilikleriniň döremegine şert döreder.

         “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahatyň dowamynda bolsa hil dolandyryş ulgamlary, halkara standartlar, sertifikatlaşdyrma we önümçiligiň kämilleşdirilişi ýaly möhüm meseleler boýunça çykyşlar guralar. Bu maslahat – tejribe alyşmak, çözgüt tapmak we ösüşe ýol açmak üçin meýdança bolar.

         Türkmenistanyň şeýle ýokary derejeli çäreleri yzygiderli guramagy – ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyna, ykdysady diplomatiýa we açyk bazar syýasatyna ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Ýene-de okaň

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder