SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenhowaýollary» agentligi:çagalar üçin ýeňillikli awiabiletleriň satuwyny yglan edýär

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň Baş gullugy ýolagçylara hödürleýän hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmak üçin işlerini ýokary depginde dowam edýär. Agentlik maşgalalar üçin täze we juda amatly bolan mümkinçiligi hödürleýär.

Tomusky dynç alyş möwsüminde  çagalary bilen syýahat edýän ýolagçylaryň sany juda köp bolýar. Şonuň üçin «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň Baş gullugy Aşgabat – Kuala-Lumpur / Hoşemin / London / Bangkok / Frankfurt / Milan – Aşgabat ugurlary boýunça 01.05.2025 seneden 30.06.2025 sene aralygynda 2 ýaşa çenli we 2  ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalara ýeňillikli awiabiletleriň satuwyny yglan edýär!

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň Baş gullugy eje-kakanyň hersine bir çaga, enesiniň, atasynyň, mamasynyň, babasynyň hersine aýratynlykda bir çagadan garyndaşlyk derejesini kesgitleýän resminamasyna laýyklykda uly ýolagça baglap, awiabiletleri mugt resmileşdirip bolýandygy barada Size habar berýäris!

Habarlaşmak üçin telefon belgi: 391717.

Ýene-de okaň

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy