Türkmenistan tebigy baýlyklara baý ýurtdur. Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Daşky gurşaw bilen gatnaşygy sazlaşykly guramaga, ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýeti döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Daşky gurşaw, ýagny tebigat adamzadyň iň uly baýlygydyr. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda kabul edilen ähli iri milli özgertmeler maksatnamalary we meýilnamalary Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlary, şol sanda ekologiýa düzümi bilen berk utgaşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigatyň gözelliklerini goramak, bag nahallaryny oturtmak asylly ýörelgelere öwrüldi. Şeýle hem daşky gurşawy goramak boýunça ylmy işleri alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçilikleriň esasynda hem tebigaty öwreniji alymlar bu ugurda asylly işlerini alyp barýarlar. Hut şunuň netijesinde daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler ylmy esaslara daýanýar. Tebigaty goramak işleriniň ylmy esasda ýola goýulmagy ekologiýa abadançylygyna, ynsan saglygyna, adamlaryň dynç alşyna oňat ýardam edýär. Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretleri nazara alnyp, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen bitirilýän beýik işler halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär.
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we tebigy gorlary rejeli peýdalanmak Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda tebigaty goramagyň baş ugry köptaraply konwensiýalaryň hem-de ylalaşyklaryň çäklerinde, şonuň ýaly-da, bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işler BMG, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki birnäçe abraýly guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň ýola goýan asylly başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary şäherleriň, ilatly ýerleriň daş-töweregindäki, akabalaryň we derýalaryň, deňziň kenarlaryndaky tokaýlyklaryň çäkleriniň giňelmegine oňyn täsir edýär. Watanymyzda şeýle sogaply işler durmuşa geçirilmek bilen, tebigat hakynda alada edilip, geljek nesilleriň abadançylygy ugrunda zerur çäreleriň amala aşyrylýandygy uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Ýurdumyzyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatdaky maksatnama hem üstünlikli amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde täze suw arassalaýjy desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Deňiz suwuny süýjetmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. «Altyn asyr» Türkmen köli arkaly zeý suwlaryny geçirýän şor suw akabalary bitewi gidroulgama birleşdirilýär. Şeýlelikde, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulanýar, zeý suwlarynyň ýanaşyk çöketliklere we suw akabalaryna akdyrylmagynyň öňi alynýar. Şeýle çäreler ýurdumyzda we tutuş sebitde ekologik ýagdaýy gowulandyrmaga ýardam edýär. Şor-zeý suwlaryny ulanmagyň meselelerini çözmekde döwletimiz sebitiň beýleki ýurtlaryna mynasyp görelde görkezmek bilen bir hatarda, ekologiýa medeniýetini ösdürýär.
Golaýda biziň mugallymçylyk institutymyzda hem «Ekologiýa abadançylygy — parahatçylygyň, ösüşiň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Biziň baýry mugallymçylyk mekdebimizde «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» ÝUNESKO kafedrasy hereket edýär. Bu hem ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar edilmegi ekologiýa abadançylygy bilen berk baglydyr. Bu babatda Türkmenistan daşary syýasatdaky, hususan-da, BMG derejesindäki tutumly işleri bilen dünýä döwletlerine görelde bolýar.
Tebigata jogapkärçilikli çemeleşmek, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak häzirki döwürde ýurtlaryňdyr halklaryň durnukly ösüşiniň ýeke-täk ýoludyr. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Milli Liderimiziň beýik işleri bilen galkynýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bütin dünýäni tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga, bu ugurdaky tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Altyn Hanowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Hytaý dili we edebiýaty ugry boýunça 4-nji ýyl talyby.