SPORT

Täze Zelandiýa 3-nji gezek dünýä çempionatynda oýnar

Täze Zelandiýa 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Okeaniýada saýlama tapgyrynda çykyş edýän Täze Zelandiýa agytlaýjy duşuşykda Täze Kaledoniýany 3:0 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, Täze Zelandiýa öz taryhynda 3-nji gezek dünýä çempionatynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy. Mundan ozal, 1982-nji we 2010-njy ýyllarda Täze Zelandiýa dünýä çempionatynda oýnapdy.

Dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 11-nji iýuny-19-njy iýuly aralygynda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň gurnamagynda geçiriler. Çempionata 48 ýurduň ýygyndysy gatnaşar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy