DÜNÝÄ

BMG-niň Baş sekretary gyrgyz-täjik ylalaşygyna ýokary baha berdi

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Täjigistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda döwlet serheti boýunça gol çekilen şertnama uly baha berdi. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň metbugat sekretary Stefan Džarrik habar berdi.

Onuň bellemegine görä, Antoniu Guterriş iki ýurduň arasynda gol çekilen taryhy ylalaşygyň iki ýurduň liderleriniň syýasy ygrarlylygynyň netijesinde amala aşyrylandygyny belledi.

– Iki ýurduň arasyndaky özara ynam, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk boýunça durnukly hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar – diýip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, 13-nji martda Täjigistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti döwlet serheti boýunça degişli ylalaşyga gol çekdiler.

Prezident Sadyr Žaparow resmi jemgyýetçilik sahypasynda bu tayrhy ylalaşyk barada şeýle diýdi: “Şu gün 101 ýyl (1924-nji ýyldan bäri) çözülmän galan Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky serhet meselesi ahyrsoňy çözüldi”.

Related posts

Arkadag şäher we Sankt-Peterburg hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler

Saud Arabystany Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny goldaýar

Si Szinpin: ŞHG döwletleriniň ykdysadyýeti 30 trillion dollara golaýlady