DÜNÝÄ

YHG-niň ýolbaşçylary Aşgabatdaky sammite çagyryldy

Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi O.Çaryýew bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hissein Brahim Tahanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň YHG-niň Baş ssekretarynyň adyna ýollan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna resmi çakylyk hatyny gowşurdy.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň we YHG-niň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Hükümet Kuruldu : İşte Yeni Hükümet üyeleri

vepa

Özbegistan “Oskara” dalaş edýär

Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri