BIZNES

Masato Kanda AÖB-nyň 11-nji prezidenti boldy

Masato Kanda Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) 11-nji prezidenti resmi taýdan wezipesine girişdi. Bu barada maliýe edarasynyň resmi saýty habar berýär.

– Biziň sebitimiz üçin örän möhüm döwürde Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçy wezipesine bellenmegiň meniň üçin uly mertebedir. Biziň agzalarymyzyň 69-synyň ynamyny gazandym. Bankyň işgärleri bilen inklýuziw we durnukly ösüş üçin zähmet çekeris. Bilelikde ösüş ugrunda tagalla edip, Aziýanyň Ösüş bankynyň sebitde esasy hyzmatdaş bolup galmagyny gazanarys – Kanda belledi.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aziýanyň Ösüş bankynyň Dolandyryjylar geňeşi Masato Kandany bankyň ýolbaşçysy wezipesine belledi. Ol bu wezipäni 2026-njy ýylyň 23-nji noýabryna çenli alyp barar.

Aziýanyň Ösüş banky – öňdebaryjy köptaraplaýyn ösüş bankydyr.

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär