SPORT

Türkmenistanly küştçi Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji boldy

Türkmen küştçisi Saparmyrat Atabaýew Özbegistanyň Daşkent şäherinde 3-11-nji fewral aralygynda geçirilen “AL-BERUNIY” (Futures) 2-nji halkara küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

25 ýaşly halkara ussady (FIDE reýtingi-2516), mümkin bolan 9-dan 7 utuk toplady.

Ikinji orunda, şol bir deň utuk bilen hindistanly grossmeýster Pa Inýan (FIDE reýtingi-2523) ýerleşdi. Şunlukda, aýgytlaýjy, goşmaja oýunlaryň netijesinde Atabaýew Hindistandan gelen garşydaşyny ýeňmegi başardy. Ýaryşyň baýrakly üçinji orny Belarus döwletinden grossmeýster Mihail Nikitenko eýeledi (FIDE reýtingi-2512).

Ýaryş nusgawy (klassik) görnüşde geçirildi. Bu ýerde Özbegistandan, Hindistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Şwesiýadan, Belarussiýadan we beýleki döwletlerden grossmeýsterler we FIDE ussatlary jemlendi.

Bu ýaryşda ýeňiş, Saparmyrat Atabaýewe halkara grossmeýster derejesi berilmegi üçin zerur üçinji (jemleýji) kadany ýerine ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Resmi taýdan Halkara küşt federasiýasynyň geňeşiniň (FIDE) mejlisinde kabul ediler.

Saparmyrat Atabaýewyň şu güne çenli ilkinji tälimçisi we halypasy Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýew.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy