Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş saparynda bolýar.
Türkmen wekiliýeti saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian tarapyndan kabul edildi. Bu barada ýurduň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian öz ýurdunyň goňşy döwletler, hususan-da dostlukly Türkmenistan bilen gatnaşyklara giňeltmäge taýýardygyny belledi.
Şeýle hem Prezident Pezeşkian Türkmenistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändiklerini aýtdy.
Eýranyň Prezidenti golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny belläp, onuň dowamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtady.
Hazarýaka döwletleriniň hökümet Baştutanlarynyň Tähranda boljak ýokary derejedäki duşuşygyna ünsi çeken Prezident Pezeşkian bu döwletler bilen parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge çemeleşilýändigini belläp geçdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli salamyny ýetirdi. şeýle hem dürli ugurlarda, şol sanda ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary ösdürmäge taýýardyklaryny aýtdy.
Şeýle hem türkmen tarapy ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň ähmiýetini belläp, bu toparyň öňde boljak mejlisiň ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny belledi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň Prezidentine Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy üçin çakylyk hatyny gowşurdy we ýokary derejeli türkmen wekiliýetiniň Tährandaky Hazarýaka döwletleriniň duşuşygyna gatnaşjakdygyny belledi.