JEMGYÝET

Energetika ministri Baýraktar: türkmen tebigy gazy Türkiýä gelýär

Türkiýe Respublikasynyň energetika ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistan bilen türkmen tebigy gazynyň Türkiýe Respublikasyna iberilmegini ýeňilleşdirjek ylalaşygyň gazanylandygyny we türkmen tebigy gazynyň 1-nji martdan Türkiýä gelmeginiň meýilleşdirilendigini belledi.

Türk metbugatynyň habaryna görä, bu ylalaşygy jemgyýetçilik tory arkaly habar beren Türkiýäniň ministri: “Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda energetika ulgamynda taryhy ädim ädildi. “BOTAŞ” kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda türkmen tebigy gazynyň Türkiýä iberilmegi babatda degişli ylalaşyk gazanyldy” – diýip belledi.

Türk ministri bu ylalaşygyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan tebigy gaz akymyny alyp başlamagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Şol söhbetdeşligiň barşynda  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen «swap» usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ibermek boýunça «BOTAŞ» kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanylandygyny mälim etdi.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň 1-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýä amala aşyran saparynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşypdy we şol duşuşykda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda möhüm ylalaşyklara gol çekilipdi.

Şeýle hem geçen ýylyň iýul aýynda Türkiýe Respublikasynyň energetika ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistanda saparda bolup, köp ýyllardan bäri tebigy gazyň Türkiýä iberilmegi babatda geçirilen gepleşikleriň iş ýüzünde amala aşyryljakdygyny belläpdi.

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy