BILIM

Türkmenistanda emeli aň boýunça bäsleşik geçiriler

Emeli aň ugry boýunça «AI Product Hackathon» atly hakaton bäsleşigi geçirilýär. Ony geçirmegiň esasy maksady ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndan emeli aň ugry boýunça döreýän meseleleri ýüze çykarmaga, bu meseleler üçin döwrebap çözgütleri işläp taýýarlamaga ukyply ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Hakaton bäsleşiginiň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty çykyş edýär.

Hakatonyň resmi saýty – bäsleşige gatnaşmak üçin ýüz tutmak we ýazylmak üçin zerur bolan maglumat çeşmeleri institutyň Internet ulgamyndaky  resmi http://itit.edu.tm Web saýtynda ýerleşdirilýär.

Hakaton 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 27-sinede geçirilýär.

Gatnaşmak üçin isleg bildirýänleriň sanawyny basleshikttweii@gmail.com elektron poçtasyna ugratmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşmak üçin Hasaba almak 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 10-nda başlanyp, fewral aýynyň  25-ne tamamlanýar.

Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar