BILIMJEMGYÝET

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdebiniň dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň («Academic Ranking of World Universities», «QS World University Rankings», «Три миссии университета» we «The Times Higher Education World University Rankings») kesgitleýän sanawyna giren bolmagy hökmany şert hökmünde talap edilýär.

Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynyň “Reýting” bölüminde her ýyl üçin bu dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň sanawy ýerleşdirilýär.

Şu gün bu bölümde täze reýtingler, ýagny 2025-nji ýylyň reýting sanawy ýerleşdirildi.

Hormatly okyjylarymyz biz bu sanawy aşakda Size  ýetirýäris. Ýagny bu sanawlardan haýsyda bolsa birinde Siziň okamak isleýän uniwersitetiniňz bar bolsa, onda, bu ýokary okuw mekdepleriň diplomlary Türkmenistanda ykrar edilmäge degişlidir.

THE_2025 – The Times Higher Education World University Rankings

QS_World_University_Ranking

Academic_Ranking_of_World_Universities_2024

“Uniwersitetiň üç wezipesi” atly Moskwanyň halkara reýtingi

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Efiopiýa iş saparyny amala aşyrdy

“Galkynyş” topary 3 million manat pul baýragy bilen sylaglandy

“Galkynyş” toparynyň agzalaryna 1000 ýewrodan pul baýragy gowşuryldy

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri