JEMGYÝET

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz ýurdunda saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Gazak Lideriniň metbugat gullugy habar berýär.

Gazagystanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine uly kanagatlanma bildirdi.

Şeýle hem Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň başlangyjy bilen badalga alan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen gutlady we munuň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelendigini aýtdy.

Türkmenistanyň döredijilikli parahatçylyk başlangyçlarynyň ähmiýetini bellän Gazak Lideri Gazagystanyň mundna beýläk-de şeýle başlangyçlaryň hemmetaraplaýyn hem-de üstünlikli durmuşa geçirilmegini  goldamaga taýýardygyny belledi.

Türkmen wekiliýeti öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen tarapy türkmen-gazak hyzmatdaşlygyna strategik häsiýetiň hem-de uzakmöhletleýin geljegiň mahsusdygyny aýdyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatdaky tagallalara ygrarlydyklaryny bellediler.

Taraplar energetika, ulag-üstaşyr we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler