DÜNÝÄ

Ýens Stoltenberg maliýe ministri boldy

NATO guramasynyň ozalky baş sekretary Ýens Stoltenberg Norwegiýanyň täze maliýe ministri boldy. Norwegiýanyň Premýer-ministri Ýonas Gar Ster täze hökümet düzümini yglan etdi.

Täzelenen hökümetiň düzüminde Ýens Stoltenberg hem girizildi. Ol bu hökümetde maliýe ministri wezipesini aldy.

– Bu meniň üçin hem uly hormatdyr. Öz ýurduma möhüm döwürde goşant goşmaga mümkinçilik aldym – diýip, Stoltenberg belledi.

Ýens Stoltenberg ilkinji gezek 1993-nji ýylda Norwegiýanyň hökümetinde wezipe alypdy we 2000-nji ýylda ýurduň Premýer-ministri bolupdy.

Related posts

Niderlandlaryň Türkmenistandaky ilçisi öz işini tamamlady

Özbegistanyň Prezidenti Russiýada resmi saparda bolar

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň 102 ýyllygy dabaraly bellendi