SPORT

Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyry: “Mançester Siti”- “Real Madrid”

UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, Fransiýanyň PSŽ topary “Brest” bilen duşuşar. “Milanyň” garşydaşy “Feýenoord” bolup, başga bir duşuşykda-da “Ýuwentus” bilen PSW 1/8 finala çykmak üçin güýç synanyşar. Ýagny 2 duşuşykda italýan we niderland toparlary duşuşarlar.

Soňky duşuşykda ýeňiş gazanyp, pleý-offa galan “Mançester Sitiniň” bijesine-de “Real Madrid” düşdi. Iki topar soňky ýyllarda birnäçe gezek duşuşdylar. Bu bolsa soňky 2 ýylyň çempionynyň haýsy hem bolsa biriniň bu möwsümde ýaryşyndan ir gaýtjakdygyny görkezýär. “Bawariýa” bolsa “Seltik” bilen duşuşar.

Pleý-off tapgyrynyň bijeleri:

“Brest” – PSŽ

“Mançester Siti” – “Real Madrid”

“Monako” – “Benfika”

“Seltik” – “Bawariýa”

“Klub Brýugge” – “Atalanta”

“Ýuwentus” – PSW

“Sporting” – “Borussiýa Dortmund”

“Feýenord” – “Milan”

1-nji duşuşyklar 9-16-njy orunlarda tamamlanlaryň meýdançasynda geçiriler. Duşuşyklar 11-12-nji fewralda hem-de 18-19-njy fewralda oýnalar.

Pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazanan 8 topar 1/8 finala çykar. Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynda oňat netije görkezen 8 topar – “Liwerpul”, “Barselona”, “Arsenal”, “Inter”, “Atletiko”, “Baýer”, “Lill” we “Aston Willa” gönüden-göni 1/8 finala çykmagy başarypdy.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi