DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň milli baýramyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky yzygiderli pugtalanýan hem-de kämilleşýän gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Hindistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Türkiýäniň Ýeňiş baýramy Türkmenistanda bellendi

Laos Durnukly ulag boýunça dostlar toparyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

Ermenistanyň Prezidenti we Nepalyň Premýer-ministri Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri