SPORT

Kaýl Wolker “Milan” toparyna geçdi

Italiýanyň öňdebaryjy toparlaryndan “Milan” iňlis kluby “Mançester Sitiniň” sag gyraky goragçysy Kaýl Wolkeri düzümine goşdy. 34 ýaşyndaky tejribeli iňlis futbolçysy italýan toparynda möwsümiň ahyryna çenli kärendesine oýnar.

“Milan” ony tomusda 5 million ýewro berip ymykly transfer edip biler we taraplar ylalaşan ýagdaýynda 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşylar.

Kaýl Wolker “Milan 32-nji belgili köýnekçäni geýer. “Şeffild Ýunaýtedde” futbola başlan Wolker “Nortampton Tawn”, 6 möwsüm “Tottenhamda”, täzeden “Şeffild Ýunaýted”, KPR, “Aston Willa” ýaly klublarda kärendesine çykyş etdi.

2017-nji ýylyň tomsundan bäri-de “Mançester Sitiniň” düzüminde oýnap gelýän Wolker şäherlileriň düzüminde 6-sy APL-niň çempionlygy jemi 17 kubok gazandy.

Related posts

Iňlis futbolynyň iň gymmat transferi: Wirs “Liwerpula” geçdi

Žurnalistleriň arasyndaky II Şaşka ýaryşy Aprelde

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Arkadag” topary nobatdaky ýeňşini gazandy