Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy.
Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylan dünýä ähmiýetli taslamalarda hemişe türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan, tekliplerinden ugur alynýandygyny belledi we kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri fransuz kompaniýasynyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.
Şunuň bilen birlikde, Milli Liderimiz Türkmenistanyň sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini hem-de “Buig” kompaniýasynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.