SPORT

Tükrmenistan bilen Portugaliýa futbol hyzmatdaşlygyny ösdürer

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleriniň hem-de Portugaliýanyň Futbol Federasiýasynyň tehniki direktorynyň we tehniki direktorynyň orunbasarynyň arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi.

Taraplar PFF bilen çagalar-ýetginjekler futboluny ösdürmäge we zehinleri ýüze çykarmaga ýardam berjek meýilnamany işläp düzmäge mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn maslahaty dowam etdirmek barada ylalaşyga geldiler.

Şeýle hem türkmen tarapy mundan ozal Germaniýanyň hem-de Belgiýanyň futbol federasiýalarynyň ýolbaşçyl düzümleri bilen onlaýn duşuşyklar geçirip, futbol boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny maslahatlaşdy.

Related posts

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar

Ata Watan Eserleri

Ýewropanyň iň güýçli topary şu gün belli bolýar

Habib ýylyň üstünlikli türgeni

Ata Watan Eserleri